Dünýäniň iň gymmat şäheri haýsy şäher?

Dünýäniň iň gymmat şäheri Angolanyň paýtagty Luanda

757912
Dünýäniň iň gymmat şäheri haýsy şäher?

Dolanşyk konsalting firmasy Merker tarapyndan 5 materigiň 209 şäherinde geçirilen “2017-nji ýyl Ýaşaýyş çykdajysy” derňewleriniň netijeleri beýan edildi

Şoňa laýyklykda dünýäniň iň gymmat şäheri Luanda bolýan bolsa, iň arzan şäher Tunis şäheri hökmünde kesgitlendi.

“Iň gymmat şäher” sanawynyň 2-nji ornunda geçen ýyly 1-nji bolan Gongkong şäheri, 3-nji orunda Tokio, 4-nji orunda bolsa Şweýsariýanyň paýtagty Sýurih şäheri gelýär.

Geçen ýyl sanawyň 101-nji ornunda bolan Stambul, bu ýyl 41 basgançak aşak düşip, sanawyň 142-nji ornuna mynasyp boldy.



Degişli Habarlar