“Türkiýe 2017-nji ýylda dört göterimden gowrak ösüş eder”

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Türkiýäniň 2017-nji ýylda dört göterimden gowrak ösüş etjekdigini habar berdi

748169
“Türkiýe 2017-nji ýylda dört göterimden gowrak ösüş eder”

Zeýbekji Ankarada MÜSIAD-yň ýolbaşçylygynda berilen agzaçara gatnaşdy.

Türkiýäniň ykdysadyýetiniň güýçlidigini aýdan Zeýbekji: “15-nji iýulda agdarlyşyk synanyşygy başdan geçirileninden soň, eýýäm 18-nji iýulda banklar işleýärdi” diýdi.

Katar krizisiň üstünde durup geçen Nihat Zeýbekji meseläni doganlaryň arasynda kiçirän düşünişmezçilik ýaly görýändiklerini belledi.

Krizisiň iň gysga wagtda bitmegini isleýändiklerini aýdan Zeýbekji dünýäniň islendik ýerinde krizis bolsa, türk milletiniň kyn wagtlarda ejiz bolanlaryň dadyna hemişe ýetişendigini habar berdi.

Nihat Zeýbekji: “Bir ýerde bir düşünişmezçilik bar bolsa ejiz bolany halas eder bu millet. Remezanda hiç bir doganymyz kyn ýagdaýda bolmasyn” diýdi.



Degişli Habarlar