Erdogan işewür adamlara ýerli ulag öndürmek barada çagyryş berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan işewür adamlara ýerli ulag öndürmek barada çagyryş berdi

738389
Erdogan işewür adamlara ýerli ulag öndürmek barada çagyryş berdi

Erdogan Ankarada Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiği TOBB-yň 73-nji Umumy geňeşinde işewür adamlara ýüzlenip çykyş etdi.

Çykyşynda ýerli ulag öndürmegi teklip eden Erdogan: “Geliň 100 göterim ýerli bolan ulag öndüreliň. TOBB 100 göterim ýerli ulagy Made in Turkey diýip öndürsin. Biz bu babatda ýanyňyzdadyrys” diýdi.

Gurnamanyň bu millete gelişmeýändigini nygtan Prezident Erdogan: “Indi bu millet ýerli ulagy öndürip biljek akylada, harydada eýe” diýdi.

Prezident Erdogandan soň söz alan TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyogly bu babatda işleriň alynyp baryljakdygy barada söz berdi.

Erdogan bolsa: “Sözi bu ýerde aldyk, TOBB-yň ýolbaşçylygynda bu işiň hötdesinden geleris, biz hem öz üstümize düşeni ederis” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Ankara , #TOBB , #ulag , #öndürmek

Degişli Habarlar