Gazprom tebigy gazyň önümçiligini artdyrýar

Russiýanyň Gazprom kärhanasy tebigy gazyň önümçilgini 2017-nji ýylda 2016-njy ýyla garanyňda 2,7 göterim artdyryp, 430,4 milliard kub metre ýetirmegi maksat edinýär

721011
Gazprom tebigy gazyň önümçiligini artdyrýar

Kärhana tarapyndan berilen beýanatda Gazpromyň 2016-njy ýylda tebigy gazyň önümçilgini ondan öňki ýyla garanyňda 0,6 göterim artdyryp 419,1 milliard kub metr ýetirendigi ýatladylyp, tebigy gaz bilen birlikde 15,3 million tonna tebigy gaz kondensatyny we 41,1 million tonna nebit önümlerini öndürmegi meýilleşdirýändigi mälim edildi.

Beýanatda mundan başgada geçen ýyl 39,3 milliard tonna nebit öndürilendigi we bu derejäniň kärhananyň taryhynda iň ýokary önümçilik bolandygy habar berildi.

 



Degişli Habarlar