Russiýa gury ýerdäki soňky nebit ýatagyny satmak üçin tender yglan etdi

Russiýa gury ýerde ýerleşýän soňky nebit ýatagy bolan Erginskoýe ýatagyny satmak üçin tender yglan etdi

702481
Russiýa gury ýerdäki soňky nebit ýatagyny satmak üçin tender yglan etdi

Russiýanyň Ýerasty çeşmeleriň ulanylyşy guramasy Rosnedra tarapyndan berilen beýanatda ýurdyň gury ýerdäki soňky nebit ýatagy hökmünde bilinýän Günbatar Sibirdäki Erginskoýe nebit ýatagynyň tender etabynyň başladylandygy habar berildi.

Başlangyç töleg pulunyň 5,3 milliard rubldan 7 milliard rubla çykarylan tendere ýüz tutmagyň soňky güni 12-nji maý hökmünde kesgitlendi.

Beýanatda Erginskoýe nebit ýatagynda C1 kategoriýasynda 64 million tonna subut edilen nebit ätiýajynyň bardygy bellenilýän beýanatda sebitde C2 kategoriýasynda takmynan 307 million tonna nebit ätiýajynyň bardygy habar berilýär.

Russiýanyň iň uly energetika kärhanalaryndan Rosneft, Gazprom, Gazprom Neft, Lukoil, Nowatek we Surgutneftgaz ýaly uly kärhanalaryň gatnaşmagyna garaşylýan tenderiň gutarnykly netijesiniň 7-nji iýunda mälim ediljekdigi bellenýär.

Beýleki tarapdan bolsa ýurdyň gury ýerdäki soňky nebit ýatagynyň tenderiniň geçirilmegi bilen birlikde Russiýanyň beýleki çeşmeleri bilen baglanşykly jedelleşikler ýaňadandan gün tertibe geldi.



Degişli Habarlar