Syýahatçylykda maksat 5 million rus syýahatçy

Ýaýman Türkiýäniň we Russiýanyň galkynyş hekaýalarynyň biri-birine meňzeşdigini belledi

691983
Syýahatçylykda maksat 5 million rus syýahatçy

Moskwa Halkara syýahatçylyk fuaryna baryp gören Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Hüseýin Ýaýman şu ýyl Russiýanyň saýasynda ýaňadandan janlanan Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy bilen bagly beýanat berdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Hüseýin Ýaýman Russiýadan edilýän ilkinji dynç alyş bronlamalardan örän hoşaldyklaryny we sanyň 2014-nji ýyldakydan hem köpdügini belläp: “2017-nji ýyldan tamamyz uly. Maksadymyz 5 million rus syýahatçyny Türkiýede myhman etmek” diýdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda taryhy we medeni jähtden wajyp dostluklaryň bolandygyny ýatladan Ýaýman Türkiýäniň we Russiýanyň galkynyş hekaýalarynyň biri-birine meňzeşdigini belledi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Antalýada dynç alandygyny we hemme kişä maslahat berendigini ýatladan Ýaýman bu sözleriň örän wajypdygyny, Türkiýä dynç almaga gelýän her bir rus syýahatçyny hem Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlugy ösdürjek parahatçylyk ilçisi hökmünde görýändiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar