“Günorta gaz koridory taslamasynyň Geňeşmeleri” Bakuwda geçirildi

Maslahata Türkiýäniň adyndan Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak gatnaşdy

679274
“Günorta gaz koridory taslamasynyň Geňeşmeleri” Bakuwda geçirildi

Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrjak “Günorta gaz koridory taslamasynyň Geňeşmeleri” Bakuwda geçirildi.

Türkiýäniň adyndan Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda taslamada ýetilen sepgit ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak geňeşmeler üçin Bakuwa guran saparynyň çäginde özara duşuşyklar geçirdi.

Albaýragyň maslahatyň öňüsyrasynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew asyryň taslamasyny “2012-nji ýylda Jenap Erdogan bilen taryhy TANAP şertnamasyna gol goýdük. Şol gollar öwrülşik nokady boldy” sözleri bilen häsiýetlendirdi.

Günorta gaz koridory taslamasy Geňeşiniň maslahatynyň ähmiýetine ünsi çeken Albaýrak “Bilşiňiz ýaly Türkiýäniň taryhy we geljegi taýdan diýseň möhüm referendum geçirler. Referendumyň öňüsyrasynda edilmeli işleriň köpdügine garamazdan şeýle möhüm maslahata gatnaşmak üçin Azerbaýjana geldik” diýdi.

Azyk ekerançylyk we maldarçylyk ministri Faruk Çelik hem Azerbaýjanda saparda boldy.

Azerbaýjan-Türkiýe Oba hojalyk işewürler maslahatyna gatnaşan Çelik Azerbaýjan bilen ekerançylyk pudagynda edilýän gatnaşyklaryň artdyrylmalydygyny belledi.

Ömer Çelik Prezident Aliýew tarapyndan kabul edildi, Azerbaýjanly kardeşi Asadow bilen duşuşdy.

 

 

 



Degişli Habarlar