Russiýa nebit önümçiliginde dünýä lideri

Russiýa nebit önümçiliginde Saud Arabystanyny geçip, dünýäde 1-nji oruna geçdi

677110
Russiýa nebit önümçiliginde dünýä lideri

Joint Organization Data Initiative guramasy tarapyndan çap edilen hasabatda Russiýanyň dekabr aýynda geçen ýylyň dekabr aýyna garanyňda nebit önümçiligini 4 göterim artdyryp, gündelik 10,49 million barrel nebit çykarandygy habar berilýär.

Saud Arabystany bolsa şol döwürde nebit önümçilgini 3 göterim artdyrdy we gündelik 10,46 million barrel nebit çykardy.

3-nji orunda bolsa geçen ýylyň noýabr aýynda gündelik 8,9 million barrel öndüren ABŞ dekabr aýynda 8,8 million barrel çykardy.

Halkara Atom agentliginiň şu aý çap edilen hasabynda OPEC-e agza ýurtlaryň nebit eksportynyň azaldylmagyny öz içine alýan borçnamalary umuman ýerine ýetirendigi habar berilýär.



Degişli Habarlar