Bütin dünýä banky TANAP üçin BOTAŞ-a 400 million dollarlyk karz berer

Bütin dünýä banky Trans Anadoly tebigy gaz turba geçirijisi TANAP üçin BOTAŞ bilen 400 million dollarlyk karz şertnamasyny baglaşdy

668237
Bütin dünýä banky TANAP üçin BOTAŞ-a 400 million dollarlyk karz berer

Şertnama Bütin dünýä bankynyň başlygynyň Ýewropadan we Orta Aziýadan jogapkär orunbasary Muller bilen BOTAŞ-yň Baş müdüri Burhan Özjan gol goýdy.

Gol çekişlik dabrasyna Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak hem gatnaşdy.

Ministr Albaýrak gol çekişlik dabarasynda sözlän sözünde, “TANAP taslamasyny inşalla geljek ýyl hyzmada açarys. İlkinji gazyň akdyrylmagy üçin aýgytly ädimler bilen öňe barýan günlerimizde Bütin dünýä banky bilen 400 million dollarlyk karz şertnamasyny baglaşdyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar