“Wengriýa Türk Akymy turba geçirijisinden gaz alyp biler”

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Wengriýanyň Türk Akymy turba geçirijisinden tebigy gaz alyp biljekdigini belledi

664477
“Wengriýa Türk Akymy turba geçirijisinden gaz alyp biler”

Wengriýa sapar guran Putin Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen bilelikde metbugat ýygnagyna geçirdi.

Putin syýasy ýagdaýda tebigy gazyň Ukrainanyň üstünden Ýewropa ýetirilmegi babatynda maksat goýmandyklaryny belledi.

Wengriýanyň Premýer ministri Orban bolsa: “Günorta Akymy tebigy gaz turba geçiriji biz üçin uly artykmaçlyk, emma bu babatda edip biljek zadymyz ýok. Türk Akymynyň Merkezi Ýewropa tarap geçirilmegi biz üçin wajyp we bu taslamada iş salyşmak isläris” diýip nygtady.



Degişli Habarlar