Russiýanyň nebit eksporty 4,9 göterim artdy

Global bazarlarda Ural nebitiniň bahasy bolsa bir tonnasy 320,3 dollara barabar boldy

662309
Russiýanyň nebit eksporty 4,9 göterim artdy

Russiýanyň Federal hasabat gullugy Rosstat tarapyndan berlen görkezijilere görä, Russiýanyň nebit eksporty 2016-njy ýylyň ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 2015-nji ýylyň ady agzalýan döwri bilen deňeşdirilende 4,9 göterim artyp 233,2 million tonna çenli baryp ýetdi.

Ady agzalýan döwürde Russiýanyň jemi eksportunda nebitiň paýy 26,5 göterimden 26,1 göterime çenli aşaklady.

Geçen ýylyň noýabr aýyna çenli bir tonna nebit 326,4 dollardan satyldy.

Global bazarlarda Ural nebitiniň bahasy bolsa bir tonnasy 320,3 dollara barabar boldy.

Russiýanyň,  Nebit eksport edýän ýurtlar guramasy OPEJ bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde nebit önümçiligini günlük 300 müň barrele çenli azaltmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar