Türk çaýy 86 ýurda satyldy

Türk çaý öndürijileri 2015-nji ýylda hem 6 million kilogramlyk çaý eksport edip 23,8 million dollarlyk girdeji gazanypdy

647160
Türk çaýy 86 ýurda satyldy

Türk çaýy geçen ýyl Belgiýanyň we Germaniýanyň başda durmagynda 86 ýurda satyldy.

Gündogar Garadeňiz Eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, 2016-njy ýylda 86 ýurda 6,7 million kilogram çaý satyldy we 28,7 million dollarlyk girdeji gazanyldy.

Türk çaýy Singapur, Hytaý, Senegal, Somali, Bahreýn we Nigerýa ýaly birnäçe ýurda eksport edildi.

Türk çaý öndürijileri 2015-nji ýylda hem 6 million kilogramlyk çaý eksport edip 23,8 million dollarlyk girdeji gazanypdy.

 

 



Degişli Habarlar