Rus syyahatçylary internet arkaly esasan Türkiyäni gözlediler

Dünyä syyahatçylygyny ugrukdyryan esasy yolbaşçylaryň gatnaşmagynda 15 yurtdan 25 dokladçynyň çykyş eden “World Tourism Forum” maslahaty 10-nýy dekabrda Antalyada geçirildi

630202
Rus syyahatçylary internet arkaly esasan Türkiyäni gözlediler

Syyahatçylyk pudagynyň şu günki güni we gelýegi barada pikir alyşylan maslahatda Yewropanyň esasy internet saytlaryndan we Russiyanyň esasy gözleg ulgamy “Yendexiň” başlygynyň reklama tehnologiyalkaryndan ýogapkär orunbasary Maksim Grişakow Türkiyäniň rus syyahatçylary üçin iň meşhur dynç alyş yerlerinden biri bolmagynda galyandygyny aytdy.

Grişakow: “Ruslaryň “Yandexde” dynç alyş maksatly eden gözleglerini selýerenimizde Türkiyä bolan gyzyklanmanyň depgininiň yaňadandan yokarlandygyny gördük. 2016-nýy yylyň oktyabr ayynda syyahatçylyk boyunça Türkiye üçin edilen gözleglerde geçen yylyň degişli döwrüne görä 32 göterimlik artyş bar. Türkiye 2016-nýy yylda Tunisden we Gresiyadan öňe geçip, iň köp gözlenen dynç alyş yeri boldy” diydi.

Türkiyede gözlenen dynç alyş yeri barada maglumat beren Grişakow: “Geçiren analizimizde rus syyahatçylarynyň Türkiyede esasan Kemeri halayandyklary yüze çykdy. Kemerden soň Side we Marmaris gelyär” diydi.

Grişakow Russiya bilen Türkiyäniň arasynda uly syyahatçylyk potensialynyň bardygyny sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar