Erdogan: “walýutan türk lirasyna geçmek bilen bagly başlangyçlar hoşlyk döredýär, emma ýeterlik däl”

Stambulda žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Erdogan halkyň soňky bir hepde-de walýutadan türk lirasyna geçmegine kanagatlanma bildirdi.

627210
Erdogan: “walýutan türk lirasyna geçmek bilen bagly başlangyçlar hoşlyk döredýär, emma ýeterlik däl”

Erdogan: “Emma ýeterlikmi? Meniň pikirimçe däl. Halkymyz oňa has uly üns bermeli diýip pikir edýärin. Hormatly Premýer ministrimiz hem döwletin tenderlerinde adaty şertlerde türk lirasy bilen yglan ediljekdigini aýtmagy hem bizi rahatlandyrar” diýdi.

Eýranyň we Hytaýyň ýolbaşçylary bilen söwda gatnaşyklarynyň milli pul birlikleri bilen edilmegi barada gepleşik geçirendigini ýatladan Prezident Erdogan: “Eýran we Hytaý muňa oňyn çemeleşdiler. Eger şeýle bolan halatynda pul birliklerimiz walýuta kursunyň basyşyndan halas bolar” diýdi.

Halkyň mundan beýläk göterim lobbisine ynanmagyny islemeýändigini aýdan Erdogan, mundan soňky tapgyrda Merkezi bankyň we döwlet banklarynyň has ünsli çemeleşjekdigine ynanýandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar