Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky ilkinji çarter sapary şu gün başlaýar

Boeing 767 kysymly uçaryň 309 ýolagçysy bilen birlikde 19.55-de Antalýanyň howa menziline gonmagyna garaşylýar

563486
Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky ilkinji çarter sapary şu gün başlaýar

Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky düşnüşmezligiň ortadan aýrylmagyndan soň ilkinji çarter sapary şu gün başlaýar.

Antalýanyň welaýat häkimligi tarapyndan berlen beýanata görä, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda çarter uçar saparlarynyň başlamagy hakynda ylalaşyk gazanylmagyndan soň ilkinji uçar sapary şu gün başlaýar.

Şu gün Moskwadan uçjak Roýal Flight howa ýollaryna degişli Boeing 767 kysymly uçaryň 309 ýolagçysy bilen birlikde 19.55-de Antalýanyň howa menziline gonmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar