Türkiýäniň eksporty artdy

İýun aýynyň ykdysady görkezijileri çap edildi

540292
Türkiýäniň eksporty artdy

Şuňa görä eksport geçen aý geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,1 göterim artyp, 12,9 milliard dollara, import bolsa 7 göterim artyp, 19,4 milliard dollara barbar boldy.

İýun aýyndaky daşary söwda ýetmezçiligi bolsa 5 göterim ýokarlap, 6,5 milliard dollara deň boldy.

Eksport ýanwar-iýun aýlarynyň aralygynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,4 göterim aşaklap, 71,6 millard dollara, import bolsa 6,7 göterim aşaklap, 99,6 milliard dollara barabar boldy.

Daşary söwda ýetmezçiligi geçen ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň aralygy bilen deňeşdirilende 16 göterim aşaklap, 27,9 milliard dollara boldy.

Türkiýäniň syýahatçylyk girdejisi bolsa ýylyň ikinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35,6 göterim aşaklap, 4,9 milliard dollara barabar boldy.

 



Degişli Habarlar