Rus syýahatçylary alyp gelen ilkinji uçar Antalýa gondy

Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyndan soň rus syýahatçylary alyp gelen ilkinji uçar Türkiýäniň syýahatçylyk zolagy Antalýa geldi

526108
Rus syýahatçylary alyp gelen ilkinji uçar Antalýa gondy

Moskwa-Antalýa saparyny ýerine ýetiren Russiýa Airlines FV 5859 nomerli Boeing 737-800 kysymly uçar 189 ýolagçy bilen Antalýanyň howa menziline gondy.

Ençeme wagt soň gelen ilkinji rus syýahatçylar Antalýanyň howa menziliniň resmisi Mehmet Ýawuz, Döwlet howa menzilleri edarasynyň müdüri Osman Serdar we ICF Airports kärhanasynyň Antalýa howa menzili boýunça wekilleri tarapyndan garşylandy.

Howa menziliniň pasport bölüminde ruslara kokteýl hödür-kerem edildi. Kokteýlden soň rus syýahatçylar özlerini myhmanhana alyp gitjek ulaglara münüp gitdiler.



Degişli Habarlar