Eýran Boeing bilen uçar satyn almak babatynda ylalaşdy

Eýran howa ýollary Amerikan uçar öndürijisi Boeing bilen uçar satyn almak babatynda ylalaşdy

515083
Eýran Boeing bilen uçar satyn almak babatynda ylalaşdy

Eýran Air tarapyndan berilen baýanatda Boeingiň iň köp halanýan döwrebap 737 seriýasy we 777-300ER we 777-900ER kysymly uçarlaryň alynmagy üçin şertnama baglaşylandygy habar berilýär.

Ylalaşygyň ýola goýulmagy üçin Eýranyň we ABŞ-nyň hökümetleriniň tassyklamagyna zerurlygyň bardygy mälim edildi.

Beýanatda näçe sany uçaryň satyn alynjakdygy barada habar berilmesede 100 sany uçaryň alynjakdygy barada habarlar Eýranyň metbugatynda berildi.

Eýran Air embargo sebäpli häzirki wagta çenli 1979-njy ýyldan ozal satyn alan uçarlary bilen hyzmat berýärdi.

Raýat awiasiýasynyň täzelenmezligi ençeme gezek uçar heläkçilikleriniň bolmagyna sebäp boldy.

Şol sebäpli Eýranda soňky 37 ýylda 200-den gowrak uçar heläkçiligi bolup, şol heläkçiliklerde 2 müňden gowrak adam ýogaldy.



Degişli Habarlar