Russiýa Belarusa edýän nebit eksportyny azaltdy

Onuň sebäbi bolsa Blarusyň bergisini berip bilmezligi

512695
Russiýa Belarusa edýän nebit eksportyny azaltdy

Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak Sankt Peterburg şäherinde geçirilen Halkara Ykdysadyýet Maslahatynda sözlän sözünde ýylyň birinji çärýeginde Belarusa edilmegi meýilleşdirilen 250 müň tonna nebitden diňe 89 müň tonna nebit akdyrandyklaryny, ikinji çärýekde bolsa nebit eksport etmändiklerini aýtdy.

Tebigy gaz bergisini bermändigi üçin Belarusa edilýän nebit eksportyny azaltjakdyklaryny aýdan Nowak, azaldyljak mukdar barada entek netijä gelinmändigini aýtdy.

Maslahatyň çäginde gazanylan ylalaşyklar barada-da durup geçen Nowak, Gazpromyň we Şelliň Russiýadaky üç sany tebigy gaz taslamasyna jemi 13 milliard dollar maýa goýjakdygyny mälim etdi.

Şelliň Gazproma degişli bolan we Russiýanyň Sahalin oblastynda ýerleşýän Ýužno-Kirinskoýe tebigy gaz giňişliginiň özleşdirilmegine gatnaşjakdygyny aýdan Nowak: “Şell we Gazprom kompaniýalary Baltika sebitinde suwklandyrylan tebigygaz desgasy we Sahalin-2 LNG desgasynyň kämilleşdirilmegi üçin bilelikde maýa goýarlar” diýdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #Belarus , #bergi , #nebit

Degişli Habarlar