Ukraina Russiýanyň tebigy gaz nyrhyny kabul etmedi

Ukrainanyň tebigy gaz kompaniýasy “Naftogaz” Russiýanyň teklip eden nyrhyndan tebigy gaz almaz

508197
Ukraina Russiýanyň tebigy gaz nyrhyny kabul etmedi

“Naftogazyň” İş kämilleşdiriş müdiri Ýuriý Witrenko “Fajebook” hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň Energetika ministrliginiň tebigy gaz üçin hödürlän teklibiniň ýokarydygyny we kabul etmändiklerini nygtady.

Witrenko: “Russiýanyň Energetika ministrligi Gazpromyň 3-nji çärýekde gazyň müň kub metrini 177 dollardan satjakdygyny beýan etdi. Bu nyrh düzedişler bilen 182-183 dollar bolar. Bu nyrhyň bazar bahasyndan aşakdadygy aýdylýar. Biz beýle pikir edemizok. Düýn nemes bazarynda iýun aýyndaky nyrh mysal üçin 173 dollardan aşakdady. Şol sebäpli bu şertlerde Gazpromdan tebigy gaz almarys. Gerek bolan ähli gazy Ýewropa bazaryndan satyn alarys” diýdi.

Gazpromyň başlygy Alekseý Miller hepdäniň dowamynda “Naftogazyň” üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymy we geljek ýylyň birinji çärýegi üçin resmi taýdan isleg bildirendigini aýdypdy.


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #tebigy gaz

Degişli Habarlar