Türkiýede ýaşaýan siriýalylara zähmet ygtyýarnamalary berilýär

Ýurtlaryndaky içerki söweşden gaçyp Türkiýä gelen siriýalylara Türkiýede işlemek üçin ygtyýarnama  berilmäge dowam edýär

495549
Türkiýede ýaşaýan siriýalylara zähmet ygtyýarnamalary berilýär

Resmi gazetde 15-nji ýanwarda çap edilip güýje giren Wagtlaýyn hemaýat astyna alynan daşary ýurtlylaryň iş ygtyýarnamalary bilen baglanşykly görkezmäniň çäginde ýüz tutan we gerek bolan şertlere eýe bolan 3 müň 800 siriýala Türkiýede işlemek üçin ygtyýarnama berildi.

Zähmet we sosial üpjünçilik ministrligine degişli Zähmet baş müdürligi tarapyndan siriýaly bosgunlara iş ygtyýarnamasy gurluşyk, dokma we import pudaklary üçin berildi.

Siriýalylara iň köp 1 ýyl möhlet bilen berilýän zähmet ygtyýarnamalary wagty dolanyndan soň täzeläp bolýar, emma ol ýaşamak ygtyýarnamasynyň ýerine geçerli bolmaýar.



Degişli Habarlar