Eksport 2,3 göterim artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy eksport we import barada hasabat berdi

480866
Eksport 2,3 göterim artdy

Türkiýede eksport mart aýynda geçen 2015-nji ýylyň mart aýyna garanyňda 2,3 göterim artyp, 12 milliard 811 million dollara çenli ýokarlady.

Türkiýäniň Hasabat guramasy tarapyndan berilen hasabata görä Türkiýäniň importy bolsa 5,2 göterim azalyp, 17 milliard 758 million dollara çenli aşaklady.

Şol döwürde daşary söwda ýetmezçiligi 20,3 göterim peselip, 6 milliard 205 million dollardan 4 milliard 946 million dollara çenli aşaklady.

Eksportyň importa görä koeffisiýenti geçen ýylyň mart aýynda 66,9 göterim bolan bolsa, şu ýylyň mart aýynda 72,1 göterime çenli ýokarlady.



Degişli Habarlar