Mitsubishi Motors manipulýasiýa edendiklerini boýun aldy

Mitsubishi Motors 1991-nji ýyldan bäri manipulýasiýa edendiklerini boýun aldy

478736
Mitsubishi Motors manipulýasiýa edendiklerini boýun aldy

Ýaponiýanyň awtomobil kärhanasy Mitsubishi Motors ýangyç barlaglarynda 1991-nji ýyldan bäri manipulýasiýa edendiklerini boýun aldy

Geçen hepde ulaglarynyň 4 aýry görnüşinde ýangyç barlaglarynda manipulýasiýa edendiklerini boýun alan Mitsubishi Motorsyň beýanaty Britaniýanyň The Independent gazedinde çap edildi.

Ýaponiýanyň iň uly 6-njy ulag kärhanasy 1991-nji ýyldan bäri dowam etdirilen manipulýasiýa bilen baglanşykly geçiriljek derňew işi üçin 3 prokuroryň bellenendigini mälim etdi.

Aziýanyň beýleki ulag kärhanalary Hýundai we Kia Motors 2014-nji ýylda meňzeş manipulýasiýa sebäpli 350 million dollar jerime töläpdiler.

Ulag pudagynyň iň uly ýangyç manipulýasiýasy Germaniýanyň Volkswagen ulag kärhanasy tarapyndan edildi.


Etiketkalar: #boýun almak , #ulag

Degişli Habarlar