Erjiýes lyža merkezi Türkiýäniň Alp daglary bolar

Desgalaryň troslarynyň uzynlygy ozal 7 müň 370 metrdi

477234
Erjiýes lyža merkezi Türkiýäniň Alp daglary bolar

Bulutlara çenli uzaýan depesi, 3 müň 917 metr beýikligi, üstünde hiç wagt az bolmaýan gary bilen sebitiň iň wajyp ýerleriniň biri bolan Erjiýes Gyşky oýunlar we syýahatçylyk merkezi taslamasynyň çäginde goýulan 200 million dollarlyk maýa goýum bilen dünýäniň iň gowy lyža merkezleriniň hataryna girmegi başardy.

Erjiýesde ozal könelýän we doly ýagdaýda işläp bilmeýän 5 desga taslamanyň çäginde ýerinden söküldi.

Olaryň ýerine bolsa döwrebap tehnologiýalar bilen ornaşdyrylan we ýokary derejeli howpsyzlyga eýe bolan 18 sany täze desga guruldy.

Desgalaryň troslarynyň uzynlygy ozal 7 müň 370 metr bolan bolsa, täze desgalaryň gurulmagy bilen troslaryň uzynlygy hem artdyrylyp 21 müň 300 metre çenli ýetirildi.



Degişli Habarlar