Türkiýe alternatiw çeşmeler arkaly energetika üpjünçiligini güýçlendirmegi nazarda tutýar

Türkiýe; Katar, Türkmenistan we Yragyň Kürt Awtanomiýasy ýaly alternatiw çeşmelere gönükmek bilen energetika üpjünçiligini güýçlendirmegi maksat edinýär

474626
Türkiýe alternatiw çeşmeler arkaly energetika üpjünçiligini güýçlendirmegi nazarda tutýar

Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýetçilik barlaglary gaznasy SETA tarapyndan taýarlanan “Türkiýäniň energetikada merkez ýurt bolmak ugrundaky göreşi" atly habarnama görä, Türkiýe Yragyň, Türkmenistanyň we Gündogar Ortaýer deňzi sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň tebigy baýlyklaryny eksport etmek üçin möhüm taslamalara we hyzmatdaşlyklara ýönelýär.

Günorta gaz koridory taslamasynyň çäginde Trans Anadoly tebigy gaz geçiriji taslamasy TANAP-yň Türkiýäniň energetika pudagynda merkezi pozisiýa eýelemek ugrundaky maksatyna goşant goşjakdygy nygtalýan habarnamada: “Tebigy gaz importynyň ýarysyndan gowragyny Russiýadan alýan Türkiýäniň uçar dartgynlygyndan soň Yragyň Kürt Awtanomiýasy, Türkmenistan we Katar ýaly alternatiw bazarlara ýönelmegi ýurduň energetika üpjünçiliginiň howpsyzlygyny güýçlendirer. Ýüze çykan şertler Türkiýäni satyjy we alyjy ýurtlaryň hem energetika howpsyzlygy taýdan güýçlendirýär. Şonuň bilen birlikde Türkiýe energetikanyň howpsyz we ynamdar şertlerde üpjün edilmeginde, energiýa serişdelerini satýan we alýan ýurtlaryň afdyndan geçiş ugry bolmak bilen birlikde energetikada merkezi ýurt bolmak taýdan öňe barýar. Bu şertler geljekde Türkiýäniň energiýa syýasatynyň kesgitlenmegi taýdan-da möhümdir" diýilýär.

Türkiýäniň energiýa serişdelerine eýe ýurtlara goňşydygyny ýatladýan habarnama, ýurduň häzirki wagta çenli geosyýasy pozisiýasy sebäpli ondan peýdalanmagyň deregine, ýaşaýan sebitiniň jerimesini çekýän pozisiýada galandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar