Türkiýäniň goranmak senagaty ýyla gowy başlady

Türkiýäniň Goranmak senagatynyň eksporty 2015-nji ýyldaky ýaly şu ýyl hem artýar

449091
Türkiýäniň goranmak senagaty ýyla gowy başlady

Pudak şu ýyl özüniň eksporty bilen beýleki pudaklary hem geçdi.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň berýän hasabatyna görä pudak şu ýylyň ýanwar aýynda 118 million 648 müň, fewral aýynda 137 million 231 müň dollarlyk eksport etdi.

Goranmak we awiasiýa pudaklarynyň şu ýylyň ilkinji 2 aýyndaky jemi eksporty 255 million 879 müň dollara barabar boldy.

Pudagyň geçen ýylyň şol aýlaryndaky eksporty 196 million 426 müň dollar bolandygyny nazara alyp, ýylyň ilkinji 2 aýynda eksport 2015-nji ýyla garanyňda 30,3 göterim artandygyny görüp bolýar.
Türkiýe şu ýylyň ilkinji 2 aýynda 108 ýurda goranyş we awiasiýa senagaty harytlaryny eksport etdi.
Iň köp eksport edilen ýurt bolsa 87 million 369 müň dollar bilen ABŞ-a edildi.



Degişli Habarlar