Senagat önümçiligi artdy

Senagat önümçiligi ýanwar aýynda ýyllyk hasapda 5,6 göterim artdy

446754
Senagat önümçiligi artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy şu ýylyň ýanwar aýy bilen baglanşykly senagat önümçiliginiň indeksiniň netijelerini beýan etdi.

Senagat önümçiligi ýanwar aýynda geçen ýylyň dekabr aýyna garanyňda 1 göterim, geçen 2015-nji ýylyň ýanwar aýyna garanyňda bolsa 3,64 göterim artdy.

Ykdysadyýetçiler ýanwar aýynda senagat önümçiliginiň geçen ýylyň ýanwar aýyna garanyňda 3,15 göterim öser diýip çak edýärdiler.

Hünärmenler senagat önümçiliginiň indeksiniň ýyllyk hasapda 4,45 göterim artjakdygyny, aýlyk hasapda bolsa 1,03 göterim artjakdygyny çak edýärdiler.



Degişli Habarlar