Eýran Russiýadan Suhoý Su-30 kysymly uçarlary satyn alar

Dehkan Russiýadan satyn alynan S-300 howa goranyş ulgamlarynyň hem şu ýylyň ilkinji çärýeginde kabul etjekdiklerini belledi

430394
Eýran Russiýadan Suhoý Su-30 kysymly uçarlary satyn alar

Eýranyň ýarym resmi habarlar gullugy Tasnime beýanat beren Eýranyň Goranmak ministri Hüseýin Dehkan harby uçarlaryň satyn alynmagy bilen baglanşykly resmi Moskwa bilen geçirilýän gepleşikleriň gol çekişme etabyna gelinendigini habar berdi.

Dehkan Russiýadan satyn alynan S-300 howa goranyş ulgamlarynyň hem şu ýylyň ilkinji çärýeginde kabul etjekdiklerini belledi.

Eýranyň Goranmak ministri Hüseýin Dehkan halkara medialarynda berilýän Hytaýdan J-10 kysymly harby uçarlary aljakdygy baradaky maglumatlaryň bolsa dogry däldigini mälim etdi.



Degişli Habarlar