Nebitiň bahalary gymmatlamaga başlady

ABŞ-nyň Merkezi bankynyň (FED) kabul eden kararyndan soň nebitiň Brent görnüşiniň barreliniň bahasy 33 dollardan hem gymmatlady

425501
Nebitiň bahalary gymmatlamaga başlady

Russiýanyň resmileriniň nebitiň bahalaryna goldaw bermek maksady bilen sarp edijiligiň azladylmagy barada Nebit eksport edýän ýurtlar guramasy (OPEC) we Saud Arabystany bilen gepleşikler geçirmek isleýändigi baradaky habarlardan soň, eýýäm 3 gün bäri gymmatlap barýan nebitiň barreliniň bahasy 33,28 dollara ýetdi.

Hünärmenler nebit bazaryndaky soňky wakalaryň bahalardaky täsiriniň aýgytlaýjy bolmagyny dowam etdirjekdigini belläp, Fed-iň kabul eden kararynyň talaba bolan çaklamalary goldandygyny nygtadylar.

Fed şu ýylyň ilkinji pul syýasaty maslahatynda çak edilşi ýaly prosent satwakalaryna üýtgeşmeler girizmedi. Fed-iň resmileri maslahatdan soň beren beýanatlarynda global ykdysady we maliýe wakalaryna alada bildirýändiklerini aýtdylar.



Degişli Habarlar