Putin 2016-njy ýylyň býujetini öz içine alýan kanuna gol çekdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurdunyň 2016-njy ýyldaky býujetini öz içine alýan kanuna gol çekdi

363100
Putin 2016-njy ýylyň býujetini öz içine alýan kanuna gol çekdi

Russiýanyň hökümetiniň resmi internet saýtynda berilen maglumata görä Russiýanyň 2016-njy ýyldaky girdejileri 195 milliard dollar, çykdajylary bolsa 228 milliard dollar bolmagyna garaşylýar.

Russiýanyň öňümizdäki ýyl girdejileriniň Jemi içerki önümiň 17,5 göterimine, çykdajylarynyň bolsa Jemi içerki önümiň 20,5 göterime deň bolmagyna garaşylýar.

Kabul edilen býijete görä inflýasiýanyň 2016-njy ýylyň dekabr aýyna çenli ortaça 6,4 göterime, býujet ýetmezçiliginiň bolsa 33 milliard dollar bolmagyna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar