Nigde welaýatynda duz gözlenýärkä nebit tapyldy

Energetika we tebigy serişdeler ministri Ali Zyza Alaboýun Nigde welaýatynyň Badak etrabynda duz gözleg işlerinin dowamynda netit tapylandygyny aýtdy

368011
Nigde welaýatynda duz gözlenýärkä nebit tapyldy

Ministr Alaboýun ýerasty baýlyklarynyň we magdanlaryň emele gelişini geologik hakykatlara laýyklykda düşündirip: “Nebit we tebigy gaz gözlegi üçin köp serişde sarp etdik we edýäris. Gözleg işlerini dowam etdireris. Nigde welaýatynyň Badak etrabynda Magdan gözleg we seljeriş edarasy duz burawlaýyş işlerini geçirýärkä nebit çykdy. Seşjeriş işlerini geçirdik. Şol ýerdäki nebitiň esasy çeşme däl, eýsem başga ýerden syzýandygy aýdylýar” diýdi.
Türkiýäniň nebit we tebigy gaz gözleg işleriniň depgininiň güýçlenjekdigine ünsi çeken ministr Alaboýun, 2003-2015-nji ýylyň sentýabr aýy aralygynda 1048 guýynyň açylandygyny aýtdy.
Alaboýun seljeriş we gözleg işlerinin netijesinde degişli döwürde 29,2 million tonna çig nebit, 3,7 milliard kub metr tebigy gaz tapylandygyny mälim etdi.
Tebigy gaza we nebite goýulýan maýa goýumlarynda 2002-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10 essä golaý artyş edilendigin, 13 ýylda 13,3 milliard dollara barabar maýa goýulandygyny nygtan Alaboýun: “Degişli döwürde 22,2 milliard girdeji alyndy. Türkiýäniň Nebit kompaniýasynyň döwlete jemi goşan goşandy 10,5 milliard dollar” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar