Gaz eksport edýän ýurtlaryň liderleri Eýranda duşuşdy

Gaz eksport edýän ýurtlaryň 3-nji maslahaty Tähranda öz işine başlady

368037
Gaz eksport edýän ýurtlaryň liderleri Eýranda duşuşdy


Gaz eksport edýän ýurtlaryň ýokary derejeli 3-nji maslahaty 9 ýurduň prezidentiniň gatnaşmagynda Eýranyň paýtagty Tähranda öz işine başlady.
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylyk etmeginde Liderler konferensiýa zalynda öz işine başlan maslahata Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Yragyň Prezidenti Fuad Masun, Boliwýanyň Prezidenti Ewo Morales, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, Ekwadoryň Gwineýasynyň Prezidenti Teodoro Nguema Obiang, Nigerýanyň Prezidenti Muhammed Buhari, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Alžiriň Premýer ministri Abdulmalik Sellal bilen birlikde Nebit eksport edýän ýurtlar guramasy OPEC-iň Baş sekretary Abdullah Salim Al Bedri we Halkara energetika forumynyň Baş sekretary Aldo Flores gatnaşýar.
Maslahatda dünýäniň gaz bazaryna degişli meseleler seljerler we jarnama kabul ediler.
Gaz eksport edýän ýurtlar dünýädäki gazyň 42 göterimini öndürýär, gaz söwdasynyň hem 85 göterimini amala aşyrýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar