Kaýseri Ýewropa ýurtlaryna balyk eksport edýär

Balyklaryň 70 göterimi Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär

417932
Kaýseri Ýewropa ýurtlaryna balyk eksport edýär

Kaýseriniň deňizi hökmünde häsiýetlendirlen Ýamula bendinde ýetişdirilýän balyklaryň 70 göterimi Gollandiýanyň we Germaniýanyň başda durmagynda Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.
Kaýseri şäherine 25 kilometr alysda ýerleşýän Ýamula bendinde balyk ýetişdirýän fermanyň müdüri we suw önümleri boýunça inžener Züleýha Küçük bentde 3 kapasada balygyň ýetişdirilýändigini we her kapasada ýylda ortaça 950 tonna alabalygyň ýetişdirilýändigini aýtdy.
Züleýha Küçük ýetişdirilýän balyklaryň 70 göteriminiň Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýändigini, galan 30 göteriminiň bolsa Ankara we Stambul ýaly içerki bazarlarda satylýandygyny nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar