Somada 100 tonna altyn ätiýaj tapyldy

Altynyň Türkiýäniň ykdysadyýetine doly 2,5 milliard dollarlyk goşant goşmagyna garaşylýar

415378
Somada 100 tonna altyn ätiýaj tapyldy

Energetika we tebigy serişdeler ministri Ali Ryza Alaboýun Somada 100 tonna altyn ätiýajynyň bardygyny aýtdy.
100 tonnalyk altynyň Türkiýäniň ykdysadyýetine doly 2,5 milliard dollarlyk goşant goşmagyna garaşylýar.
Türkiýäni tolgundyran habar Manisa welaýatynyň Soma etrabynyň Kiraz obasyndan geldi.
Magdan gözleg toparlary 2013-nji ýyldan bäri geçirýän gözleg we burawlaýyş işleriniň çäginde Somada altyn we mis känlerini tapdy.
Energetika we tebigy serişdeler ministri Alaboýun mesele barasynda beren beýanatynda“Magdan ojagynda 100 tonnalyk altyn mümkinçiligi bar” diýdi.
Türkiýäniň jemi altyn ätiýajy 700 tonna golaý.
Täze tapylan altyn ätiýajy bilen birlikde Türkiýäniň ätiýajy 14 göterim ýokarlar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar