Türkiýäniň ýyllyk senagat önümçiligi artdy

Türkiýäniň senagat önümçiligi Ýewropanyň Germaniýa, Britaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlaryndan hem geçdi

392854
Türkiýäniň ýyllyk senagat önümçiligi artdy

ÝB-niň Hasabat guramasy Eurostat we Türkiýäniň Hasabat guramasy TÜIK tarapyndan berilen hasabata görä ÝB senagat önümçiligi awgust aýynda 0,3 göterim azalan bolsa, ýyllyk 1,9 göterim artdy.
Şol döwürde Ýewropa sebitinde senagat önümçiligi 0,5 göterim peselen bolsa, ýyllyk 0,9 göterim artdy.
Türkiýäniň senagat önümçiligi hem aýlyk hem-de ýyllyk Ýewropanyň ortaça derejesinden geçip, Ýewropanyň ägirt ykdysadyýetlerine eýe bolan ýurtlardan hem geçdi.
Şol döwürde Türkiýäniň senenama täsirinden saplanan senagat önümçilik indeksi awgusta aýynda 2014-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende 7,2 göterim, möwsüm we senenama täsirinden saplanan senagat önümçiligi iýul aýyna garanyňda 2,9 göterim artdy.
Garaşylandan ýokary bolan senagat önümçiligi hünärmenleri geň galdyran bolsa, Türkiýäniň 3-nji çärýek we ýyllyk ösüşiniň täzeden garalmagyna sebäp boldy.
Şol netijelere görä Türkiýäniň hem aýlyk hem-de ýyllyk ösüşleri beýan edilen AB-ne agza 25 ýurduň 23-ni hem geçdi.
Itlandiýanyň we Maltanyň senagat önümçiligi Türkiýeden geçen bolsa, Germaniýa, Britaniýa we Fransiýa ýaly Ýewropanyň ösen ykdysadyýetine eýe bolan ýurtlar Türkiýeden galdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar