G-20-niň Maslahaty Ankarada öz işine başlady

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň wekilleri G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Türkiýäniň ýer eýeçiliginde Ankarada jenlenşdiler

373920
G-20-niň Maslahaty Ankarada öz işine başlady

Maslahatyň birinji gününde Zähmet ministrleriniň mejlisi geçirildi.
Zähmet we sosial üpjünçilik ministri Ahmet Erdem mejlisde sözlän sözünde global hyzmatdaşlygynyň eýe bolan ähmiýetine ünsleri çekdi.
Ministr Erdem “Global hyzmatdaşlyk iňnän gyssagly bolmak bilen birlikde möhüm ähmiýete eýedir. Premýer ministrimiz Ahmet Dawutoglynyň hem maslahat berişi ýaly çäkli bähbitlerimizi bir gyra goýmaklyk, meselelere umumy jogapkärçilikli çemeleşmeklik, adamzadyň umumy bähbitlerine oňyn garamagymyz möhüm” diýdi.
Siriýada başdan geçirilýän pajygalar barada-da durup geçen Ahmet Erdem, halkara jemgyýetçiliginiň ýeterlik reaksiýa görkezmeýändigini nygtady.
Erdem çykyşynda şeýle diýdi: “Şuny aýtmak kyn hem bolsa 2 million siriýalyny myhman alan ýurdumyzyň ýüklenen ýüküniň beýleki ýurtlar tarapyndan paýlaşylmazlygy, hat-da Türkiýä tankydy taýdan çemeleşmeklerine düşünmeýäris. Halkara arkalaşygyna garaşýan şeýle meselede halkara jemgyýetçiliginiň işe girişmekden çetde durmagy gynandyryjy bolşy ýaly, diýseň pikirlendiriji.”
G-20-niň maslahatynyň çäginde Gazna ministrleri bilen Merkezi bankyň başlyklarynyň mejlisleri hem geçiriler.
Global ykdysadyýet, ösüş, halkara maliýe binagärşligi, iş üpjünçiligi we salgyt ýaly meseleler bilen köp sanly ugurlarda mejlisler guralar.
Alynan netijeler noýabr aýynyň 15-16-sy aralygynda Antalýada geçiriljek liderleriň maslahatynyň garamagyna hödürlener.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar