"Türk ykdysadyýeti iňňän güýçli"

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji türk ykdysadyýetiniň iňňän güýçlidigini aýty

337392
"Türk ykdysadyýeti iňňän güýçli"

Ministr Zeýbekji İzmirdäki Ege erkin söwda zolagynyň giňeldilmegi baradaky teswirnamanyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy.
Türkiýäniň beýik we güýçli döwletdigini nygtan ministr Zeýbekji: “Türkiýä çökgünlik gelmez. Banklarymyzyň maýalarynyň ýeterlik derejesi Ýewropa boýunça iň ýokary çäkde. Býujet ýetmezçiligi boýunça iň gowy derejä eýe. Nagt ýetmezçiliginde soňky 2 ýyldan bäri düýpli ösüş bar” diýdi.
Daşary söwda tapawudyndaky ösüşiň taryhy rekorda tarap barýandygyny nygtan Zeýbekji: “İmportyň eksporta bolan gatnaşygy ýylyň ahyrynda 80 göterime barabar bolar” diýip nygtady.
Ministr Nihat Zeýbekji Türkiýede walýuta kursunyň esassyz artyşynyň sebäbiniň bolmandygyny beýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar