G-20-ä girýän ýurtlaryň ykdysady ösüşi

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Mudiz G-20-ä girýän ýurtlaryň 2015-nji ýylda ortaça ösüşiniň 2,7 göterime barabar boljakdygyny beýan etdi

332875
G-20-ä girýän ýurtlaryň ykdysady ösüşi

Kredit derejelendiriş guramasynyň “Global makro panorama” habarnamasynda, ortaça ykdysady ösüşiň 2016-njy ýylda bolsa 3 göterime deň bolmagyna garaşylýandygyny nygtalýar.
Habarnamada “G-20-ä girýän ýurtlar üçin 2015-2016-njy ýyllara degişli ortaça ýyllyk ösüş çaklamamyz henizem maliýe çökgünliginden ozalky derejelerden aşakda. Mudiz G-20-ä girýän ýurtlarda ykdysady ösüşiň geljek bäş ýylyň dowamnda maliýe çökgünliginden ozalky çäge ýetmegine garaşmaýar” diýilýär.
Mudiziň habarnamasynda Hytaýyň weksel we ýaşaýyş jaý nyrhlarynda ýüze çykyp biljek kadalaşdyrmalarynyň geljek iki ýyllyk döwürde esasy howplaryň hatarynda durýandygy nygtalyp, ABŞ-nyň Merkezi bankynyň garaşylýan göterim ýokarlandyrmasynyň we Gresiýanyň Ýewro giňişliginden çykma ähtimallygynyň hem howplaryň arasynda durýandygy bellenilýär.
Mudiziň habarnamasynda Ýewro giňişligi üçin bolsa şu ýyl we geljek ýyl 1,5 göterim ösüş edilmegine garaşylýandygy nygtalyp, “Ýewrodaky ejizlik we nebitiň nyrhynyň aşaklamagy sebitiň ykdysadyýetini güýçlendirdi” diýilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar