Gresiýa Türkiýä 100 million dollar jerime tölär

Türkiýe Gresiýadan 100 million dollar möçberinde tebigy gaz algysynyň bardygy sebäpli Halkara arbitraž kazysynda gozgan kazyýet işinde üstün çykdy

381498
Gresiýa Türkiýä 100 million dollar jerime tölär

Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz Türkiýäniň 4 ýyl ozal gozgan işini halkara kazyýetde utandygyny mälim etdi.

Taner Ýyldyz: “Gresiýa şular ýaly kyn ýagdaýynda goldaw bermek islärdik. Emma raýatlarymyzyň we ýurdumyzyň bähbitleri birinji orunda gelýär. Döwlet ýolbaşçylarynyň bolsa esasy wezipesi şol bähbitleri goramak” diýdi.

Ýyldyz Türkiýäniň BOTAŞ kärhanasy bilen Gresiýanyň DEPA kärhanasynyň arasynda hasap işleriniň geçiriljekdigini, berilen kararyň entek beýan ediljekdigini we jerime möçberiniň 100 million dollar töwerek boljakdygyny habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar