Halkara Pul Gaznasy Gresiýa ylalaşyjy çemeleşýär

HPG-niň başlygy Kristin Lagard Gresiýa bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtap: “Biz isleg bildirilen halatynda kömek bermäge taýar” diýdi

335599
Halkara Pul Gaznasy Gresiýa ylalaşyjy çemeleşýär

Gresiýada ýekşebe güni geçirilen referendumda halkyň kreditorlaryň hödürlän teklibine beren “garşy” jogagyndan soň, ýurduň syýasy partiýalarynyň liderleri Prezident Prokopis Pawlopulosyň ýolbaşçylyk etmeginde maslahat geçirdi.
Premýer ministr Aleksis Çipras maslahatdan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap bermedi.
Koalisiýa hökümetiniň kiçi şärihi Graşsyz grekler partiýasynyň başlygy we Goranmak ministri Panos Kammenos greklerin saýlawda jebisliklerini görkezendigini aýtdy.
Beýleki tarapdan Daşary ykdysady gatnaşyklar ministriniň ozalky orunbasary Efkidis Çakalotos wezipesinden çekilen Ýanis Warufakisiň ýerine Maliýe ministrligine bellendi.
Fransiýanyň Prezident Fransua Oland we Germaniýanyň Federal kansleri Angela Merkel Gresiýada geçirilen referendumyň netijelerini seljermek üçin Parižde duşuşdylar.
Oland Gresiýa üçin gepleşik gapysynyň açykdygyny nygtan bolsa, Merkel “Wagt azalýar. Çipras teklibini hödürlemeli” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar