Gresiýanyň Maliýe ministri wezipesinden çekildi

Warufakis wezipesinden ÝB-ndäki käbir ministrleriň maslahatlarda özüniň gatnaşmagyny islemeýändigi sebäpli çekilýändigini habar berdi

333652
Gresiýanyň Maliýe ministri wezipesinden çekildi

Gresiýada düýn nagt dolanşygynyň ýaňadandan üpjün edilmeginiň öwezinde kreditorlaryň öňe sürýän şertlerini kabul etmek ýa-da etmezlik üçin geçirilen referendumdan soň ýurduň Maliýe ministri Ýanis Warufakis wezipesinden çekilendigini mälim etdi.

Warufakis wezipesinden ÝB-niň käbir ministrleriniň maslahatlarda özüniň gatnaşmagyny islemeýändigi sebäpli çekilýändigini habar berdi.

“Maliýe ministrligi wezipesinden çekilýärin” diýen Warufakis Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çiprasy we täze Maliýe ministrini goldamagy dowam etdirjekdigini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar