Gresiýada düýn referendum geçirildi

Saýlawçylar düýn irden sagat 07:00-dan ağsam sagat 19:00-a çenli ses berdiler

333323
Gresiýada düýn referendum geçirildi

Gresiýada Ýewropa komissiýasynyň, Ýewropanyň Merkezi bankynyň we Halkara Pul gazanasynyň hödürlän ylalaşyk meselesi boýunça geçirilen referendumda ses berme işleri tamamlandy.

Grek halky düýn nagt dolanşygynyň ýaňadandan üpjün edilmeginiň öwezinde kreditorlaryň öňe sürýän şertlerini kabul etmek ýa-da etmezlik üçin irden sagat 07:00-dan ağsam sagat 19:00-a çenli ses berdiler.

Ýurtda bellige alynan 9 million 855 müň 29 saýlawçy bar. Referendumyň dolulygyna netijelenmegi üçin saýlawçylaryň iň az 40 göteriminiň ses bermegi wajyp.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar