Grsiýa bergisini bermekde kynçylyk çekýär

Halkara Pul Gaznasy (HPG) Gresiýanyň iýun aýynda tölemeli 4 sany karz bölegini bir tölegde birleşdirmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi

293240
Grsiýa bergisini bermekde kynçylyk çekýär

HPG-niň metbugat geňeşçisi Gerri Raýs beren ýazmaça beýanatynda, Gresiýanyň bu barasynda resmi kanallardan habar berendigini we bir töleg üçin soňky güniň 30-njy iýundygyny nygtady.
HPG-niň Dolandyryjylar geňeşiniň 1970-nji ýylda kabul eden kararyna görä şol bir aýyň dowamynda birden köp tölegi bolan ýurtlar, olary bir tölegde jemläp bilýär. Degişli karar gysga möhletde birden köp bolan tölegleri tölemegiň kynçylyklaryny azaltmak üçin kabul edilipdi.
Resmi Afyny şu gün gün tölenmeli 300 millin ýewrolyk ilkinji bölegi, ýeterlik serişde bolmandygy sebäpli töläp bilmejekdigini habar beripdi.
Gresiýa iýun aýynda 1,5 milliard ýewrosy HPG-na, 5,2 millliard ýewrosy ÝB, jemi 6,7 milliard ýewro bergi bermeli.
Emma muňa garamazdan ýruduň karz berýänler bilen 4 aýdan bäri dowam edýän gepleşiklerde henizem ylalaşyk gazanyp bilmezligi, bergilerin berilmegini kynlaşdyrýar.
Hünärmenler Gresiýanyň hökümetiniň gepleşiklerde ylalaşyk gazanylman halatynda ýene-de bir gezek default boljakdygyny çaklaýarlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar