Mebel eksporty 2,4 milliard dollar artdy

Türkiýäniň mebel pudagy geçen ýyl 2,4 milliard dollarlyk eksport etdi

264592
Mebel eksporty 2,4 milliard dollar artdy

Türkiýäniň hasabat guramasy (TÜİK) Türkiýäniň 2013-nji ýylda 2 milliard 237 million 247 müň dollar bolan mebel eksporty, 2014-nji ýylda 8,2 göterim artyp 2 milliard 421 million 267 müň dollara barabar boldy.

TÜİK-iň berýän hasabatyna görä iň köp eksport edilen harytlar kürsi, diwan we oturgyçdyr.

Mebel eksportynyň takmynan 50 göterimi Stambul we Bursa şäherleriniň paýyna düşýär.

Türkiýäniň mebel pudagy ýurtda soňky 10 ýylyň dowamynda iň çalt ösýän pudaklaryň biri bolup, hökümet 2023-nji ýyla çenli mebel eksportyny 10 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar