Ykdysadyýet ministriniň beýanaty

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji “Türkiýäniň nagt ýetmezçiligi meselesi ýok. Türkiýäniň daşary söwda ýetmezçiligi meselesi hem ýok” diýdi

235233
Ykdysadyýet ministriniň beýanaty

Uruşlaryň indi ýarag bilen däl, eýsem ykdysadyýet arkaly dowam edýändigini nygtan Zeýbekji: “Maglumat öndürmek, şonuň bilen geljegi meýilleşdirmek, edilmeli iň esasy zatlardan biri” diýip belledi.
Türkiýäniň daşary söwda mukdarynyň 35 ýylda 500 milliard dollara ýetendigine ünsi çeken Zeýbekji, “Medeni gymmatlyklary taýdan baý bolan Türkiýe syýahatçylykda dünýäde 6-njy orny eýeledi. Maksadymyz iň öňdäki hatarlara ýetmek. Bu topraklar dünýäniň iň ajaýyp ýurdy” diýdi.
Zeýbekji Türkiýäniň daşary söwdasynyň 20 milliard dollarlyk böleginiň türk lirasy bilen edilýändigini aýtdy.
Ministr Zeýbekji türk halkynyň 85 göteriminiň syýasy durnuklylyga alada bildirmeýändigini, 75 göteriminiň bolsa ykdysady durnuklylyk aladasynyň bolmandygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar