Afrika bilen söwda mukdarynda rekord artyş

Söwda mukdary 19,7 milliard dollara ýetdi

288298
Afrika bilen söwda mukdarynda rekord artyş

Prezident R.T.Erdoganyň premýer ministrligi döwründe başladylan Afrika başlangyjynyň çäginde guralan iki taraply saparlar bilen ýüze çykan oňyn atmosfera Türkiýe bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary hem ösdürdi.
Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine laýyklykda Afrika ýurtlary bilen edilýän söwda mukdary 2009-2014-nji ýyllaryň aralygynda 40 göterim artyp, 14 milliard dollardan 19,7 milliard dollara ýetdi.
Şol döwürde Türkiýäniň eksport 35 göterim artyp, 13,8 milliard dollara barabar bolan bolsa, Demirgazyk Afrika ýurtlaryna edilýän eksport 32, beýleki Afrika ýurtlaryna edilýän eksport bolsa 43 göterim artdy.
Degişli döwürde Afrika ýurtlarynda edilýän import hem 51 göterim artyp, 3,9 milliard dollardan 5,9 milliard dollara ýetdi.
Türk Howaýollary hem soňky 12 ýylda Afrikadaky uçuş nokatlarynyň sanyny 4-den 42-ä ýetirdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar