Müsürden maýa goýum göçümi

Müsüriň ýaňadandan halkara maýa goýum kartasynda ýer almagy üçin tagalla edilýär

262420
Müsürden maýa goýum göçümi

Müsür daşary ýurtly maýadarlaryň ünsüni özüne çekmek üçin dünýäniň çar tarapyndan gelen liderleri, maýadarlary we hünärmenleri Şarm Al Syhdaky konferensiýada duşuşdyrýar.
Konferensiýa ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri we Halkara Pul gaznasynyň başlygy Krsitin Lagard bilen birlikde 80 ýurtdan 2 müň adam gatnaşýar.
Konferensiýada gymmaty 35 milliard dollara barabar bolan 50-den gowrak taslama ara alnyp maslahatlaşylar.
Konferensiýanyň öňüsyrasynda metbugata beýanat beren Müsüriň Halkara hyzmaşdaşlyk ministri Nejla Al Ahwani Müsüriň ýaňadandan halkara maýa goýum kartasynda ýer almagyny isleýändiklerini aýtdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar