Bagdat bilen Ebil nebit eksporty boýunça ylalaşdy

Kürt dolanşygy hem ylalaşygy tassyklady

190566
Bagdat bilen Ebil nebit eksporty boýunça ylalaşdy

Yrakda merkezi hökümet bilen Kürt Awtanomiýasynyň arasynda nebitin paýlaşylmagy, eksporty we tölegler barasynda ylalaşyk gazanyldy
Beýanat Yragyň hökümeti tarapyndan berildi, kürt dolanşygy hem ylalaşygy tassyklady.
Ylalaşyga laýyklykda Yragyň hökümeti Kürt Awtanomiýasyna birinji tapgyrda 500 million dollar töleg tölär. Kürt Awtanomiýasy günde 150 müň tonna nebiti Yragyň merkezi hökümetiň üsti bilen eksport eder.
Kürt Awtanomiýasynň 1-nji ýanwarda turba geçirijiler arkaly Türkiýäniň üstaşyr nebit akdyrmaga başlamagy we soň 22-nji maýdan başlap satuwyň amala aşmagy Erbil bilen Bagdadyn arasyndaky gatnşyklary dartgynlaşdyrypdy.
Kürt Awtanomiýasynyň merkezi hökümetiň rugsady bolmazdan Yragyň nebitini “bikanun” satýandygyny öňe süren we onuň özygtyýarlyk hukuklaryna ters gelýändigini öňe süren resmi Bagdat, satuwyň Yragyn Milli nebit firmasy SOMO arkaly amala aşyrylmagyny isleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar