"TANAP parahatçylyk taslamasydyr"

Dawutogly Trans Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy

157101
"TANAP parahatçylyk taslamasydyr"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Trans Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy.
Dawutogly “TANAP parahatçylyk taslamasydyr, ýaşasyn Balkanlar bilen Kawkazyň arasyndaky parahatçylyk köprisi” diýdi.
Taslama bilen ilkinji etapda 16 milliard kub metrlik gazyň daşaljakdygyny, mümkinçiligiň wagtyň geçmegi bilen 22, 24 we 32 milliard kub metre çykaryljakdygyny ýatladan Dawutogly, Türkiýäniň sarp ediji ýurt bolmak bilen birlikde tranzit ýurt boljakdygyny we 2019-njy ýylda Ýewropa gaz akdyrylmaga başlanjakdygyny belledi.
Taslamanyň diňe tebigy gaz taslamasy bolmajakdygyny aýdan Dawutogly, Hazar deňzinden başlaýan taslamanyň Albaniýada Adriýatik deňzine barjakdygyny we ol ýerden İtaliýa çenli uzap gitjekdigini aýtdy. Dawutogly taslamanyň Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklara hem oňyn goşant goşjakdygyny ýatlatdy.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar