Syýahatçylyk pudagynyň girdejileri ýokarlaýar

Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany köpeldi

102851
Syýahatçylyk pudagynyň girdejileri ýokarlaýar

Syýahatçylyk pudagynyň girdejileri ýokarlaýar.
İýul aýynda Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany köpeldi.
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik iýul aýynda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany barasynda maglumat berdi.
İýul aýynda Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 13,52 göterim ýokarlady.
Ministr Çelik 2013-nji ýylyň iýul aýynda 4 million 593 müň 511 adam bolan syýahatçy sanynyň 2014-nji ýylyň şol döwründe 5 million 214 müň 519 adama ýetendigini aýtdy.
Daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawynda ruslar 15,45 göterim bilen birinji ýerde durýar.
Nemesler 733 müň 862 adam bilen ikinji, iňlisler 423 müň 22 adam bilen üçinji ýeri eýeledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar